Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: 5 gümanly tutuldy


Owganystanyň howpsuzlyk resmileri özleriniň 16-njy dekabrda Pakistanda bolan mekdep gyrgynçylygyna goldaw bermekde güman edilýän 5 adamy tutandyklaryny aýtdylar.

Peşawar mekdebinde bolan gyrgynda 150-den gowrak adam, tas hemmesi çaga, öldürilipdi. Owgan resmileriniň 17-nji ýanwardaky beýanatyna görä, güman edilýän adamlar soňky hepdelerde, Owganystanyň Pakistan bilen gündogar serhedine golaý ýerde, Yslamabatdan maglumat berlenden soň tussag edilipdir.

Tutulanlaryň hiç biriniň owgan däldigi aýdylýar. Peşawar mekdebine edilen hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanyň «talybany» öz üstüne alypdy.

Pakistanyň aňtaw gullugy bu hüjümi amala aşyran ýedi adamyň ählisiniň daşary ýurtludygyny aýtdy.

Şahsyýeti anyklanan alty adamyň üçüsi arap, ikisi owgan, biri bolsa çeçen diýlip maglumat berildi. Olaryň hemmesi öldürildi.

XS
SM
MD
LG