Sepleriň elýeterliligi

YD Yrakda 350 ýazidini boşatdy


Demirgazyk Yrakdaky kürt harby resmileri ýazidi azlygyna degişli azyndan 350 adamyň YD toparynyň ýesirliginden boşadylandygyny aýdýarlar.

Azat edilenleriň köpüsi gartaşan, ýarawsyz ýa keselli adamlar, olaryň arasynda agyr keselli bäbekler hem bar.

Jeňçiler olary demirgazykdaky Tel Afar şäherinde, soňky bäş aýda tutulyp saklanan ýerlerinden azat edipdirler.

«Yslam döwleti» topary geçen tomusda Yragyň demirgazyk-günbatarynda ýazidilere hüjüm edip, bu azlykdan müňlerçe adamy ýesir alypdy.

Jeňçiler boşadylan adamlary 18-nji ýanwarda, Erbiliň golaýyndaky Hazer köprisiniň ýanynda taşlap gidipdirler.

XS
SM
MD
LG