Sepleriň elýeterliligi

Donetsk: aeroport söweşi gyzýar


17-nji ýanwarda, günüň dowamynda partlamalaryň we agyr ýaraglardan atylýan oklaryň gürelmegi bilen, ukrain goşunlardyr orsýetçi separatistleriň arasynda Donetsk aeroporty üstünde barýan söweş has güýçlendi.

Azyndan alty adamyň öldürilendigi habar berilýär. Kiýew 17-nji ýanwarda öz goşunlarynyň hatarlaryny güýçlendirmäge howlukdy.

Separatistleriň tutuş aeroporty ele geçirendiklerini aýdýandyklaryna garamazdan, hökümet goşunlarynyň öz pozisiýalaryny goraýandygyny aýdýar.

Ukrain prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Birýukow hökümet güýçleriniň 17-nji ýanwarda ýaralanan 23 esgeri ewakuasiýa edendiklerini, üç esgeriň bolsa jesedini alyp çykmagy başarandyklaryny aýtdy.

Sentýabrda baglaşylan ýaraşyga garamazdan, soňky günlerde söweşiň gaýtadan möwjeýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG