Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik-owgan serhedi: Serhetçi ýaralandy


Owganystanyň serhedinden Täjigistanyň territoriýasyna geçmek isleýän ýaragly topar bilen täjik serhetçileriniň arasynda bolan ok atyşykda täjigistanly bir serhet gullukçysy ýaralandy.

18-nji ýanwarda bolan wakadan soň, 22 ýaşyndaky serhet gullukçysy Faridun Olimow Kulob şäherindäki keselhana ýerleşdirilip, lukmanlar tarapyndan operasiýa edildi.

Kulob keselhanasynyň baş lukmany Nizom Latifow Olimowyň aşgazanyndan ýaralanandandygyny, emma operasiýanyň üstünlikli geçendigini aýdyp, onuň saglyk ýagdaýynyň gowulaşmagyna garaşýandyklaryny belledi.

Ýerli saglyk resmisi wakada ýene bir serhet gullukçysynyň ýeňil ýaralanandygyny aýdyp, onuň ýerli lukmançylyk merkezinde saglyk bejergisini alýandygyny belledi.

Täjik resmileri serhetden geçmäge synanyşan ýaragly adamlaryň neşe gaçakçylary bolmagynyň ähtimaldygyny mälim etdiler. Emma ýakynda Täjik howpsuzlyk resmileri Owganystanyň Täjigistan bilen serhetleşýän demirgazyk böleginde söweşijileriň üýşmeleňiniň üstüniň açylandygyny aýdyp, duýduryş beripdiler.

XS
SM
MD
LG