Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Ýadro gepleşiklerinde syýasy isleg bar


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow.
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow.

Dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy bilen Eýranyň arasynda geçirilýän gepleşiklerde Russiýanyň baş araçysy Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak boýunça ylalaşyk baglaşmak üçin taraplaryň syýasy isleginiň “ikuçsyz” bardygyny aýtdy.

Bu barada Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy, ýagny Birleşen Ştatlar, Russiýa, Hytaý, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýanyň arasynda geçirilen gepleşiklerden bir gün soň, 19-njy ýanwarda mälim etdi.

Günbataryň diplomaty 18-nji ýanwarda Ženewada geçirilen gepleşiklerde “çäkli” derejede öňe gidişikligiň bolandygyny mälim edensoň, araçylaryň öňümizdäki aý gaýtadan duşuşmagyna garaşylýar.

Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro ýaragyny döretmejegine kepil geçýän ylalaşygy baglaşmak isleýärler. Şol bir wagtyň özünde Eýran özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini aýdyp, Günbatar tarapyndan Tährana garşy girizilen ykdysady sanksiýalaryň aýrylmagyny isleýär.

XS
SM
MD
LG