Sepleriň elýeterliligi

Özbek-gyrgyz serhedi: Bir adam ýaralandy


Gyrgyzystanyň serhet gullukçylary gyrgyz territoriýasynda ele salnan özbek awçysyny atyp ýaraladylar.

Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugynyň metbugat wekiliniň 19-njy ýanwarda beren maglumatyna görä, 18-nji ýanwarda Ala Bukinsk etrabynda gyrgyz serhet gullukçylary özbegistanly üç awçyny ele salypdyrlar. Şonda gyrgyz serhetçiler özbek awçylaryna ýaraglaryny taşlamagy sorapdyrlar.

Gyrgyzystanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatynda özbek awçylarynyň gyrgyz serhetçilerine ot açandygy we gyrgyz serhetçileri olara gaýtawul beren mahaly, bir özbegistanlynyň ýaralanandygyny habar berildi.

Wakada ýaralanan özbek raýaty Gyrgyzystanyň lukmançylyk merkezinde saglyk bejergisini alýar. Beýleki iki özbek awçysy yzlaryna Özbegistana geçjek mahaly, Özbek serhet gullukçylary tarapyndan tutuldy.

XS
SM
MD
LG