Sepleriň elýeterliligi

Çeçenler ýörişe çykdylar


Russiýanyň berk gözegçilikde saklanýan Çeçenistan respublikasynda onlarça müň adam Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy döwlet tarapyndan maliýeleşdirilen protest ýörişine çykdylar.

Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýörişe 800 müň töweregi adam çykypdyr. Çeçenistanyň Kreml tarapyndan goldanylýan lideri ýörişiň dowamynda Günbatara garşy çykyşlar etdi. Ramzan Kadyrowyň aýtmagyna görä, geçen hepde yslamçy söweşijileriň Parižde amala aşyrylan hüjümlerine sebäp bolan zat – karikaturaçylaryň ýol beren ahlak kemçilikleri. Kadyrow Günbatar ýurtlarynyň öz geosyýasy bähbitleri üçin musulmanlaryň gaharyny tutaşdyrýandyklaryny belledi.

Kadyrow: “Bu [ýagny, çeçenleriň protest ýörişi] dünýä boýunça musulmanlaryň dini duýgularyny kemsitmek isleýänlere garşy bir protestdir. Bu dünýäde dini we etniki çydamsyzlygy bilkastlaýyn tutaşdyrýanlara garşy protestdir” diýdi.

Çeçenistanyň baş metjidiniň töwereginde geçirilen ýöriş Russiýanyň 7-nji ýanwarda Fransiýanyň “Charlie Hebdo” neşirine garşy edilen hüjüme jogap hökmünde gurnan çäresi boldy. Şol hüjümde söweşiijiler Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy ar alandyklaryny öňe sürüpdiler. Bu hadysanyň netijesinde söz azatlygy dogrusynda çekeleşikler hem döredi.

Kadyrow “Ýewropa Parižde bolan hüjümlerden gerekli sapagy çykaryp bilmedi” diýdi. Ol sözüni dowam etdirip: “Ýaragdan ot açanlary we karikaturalary çekip, muňa sebäp bolanlary [deň derejede] ýazgarmagyň ýerine, fransuz resmileri, ýöriş gurnap, gandöküşiklige getiren eden-etdiligi dabaralandyrdylar. Oňa prezidentler, premýer-ministrler we şa maşgalalary hem gatnaşdylar” diýdi. 11-nji ýanwarda pidalaryň hatyrasyna we azat sözüň goldawyna geçirilen demonstrasiýa 3 milliona golaý adam gatnaşypdy.

Kadyrow: “Bu ýagdaýlar bize bu karikaturaly wakalaryň arkasynda Günbatar hökümetleriniň we gizlin gulluklarynyň duran bolmagynyň mümkindigi baradaky kanuny çaklmalary etmäge hukuk berýär. Olar dünýä boýunça müňlerçe aldanan ýaşlaryň “Yslam döwleti” toparynyň düzümine goşulmagyna gyzyklanma bildirýärler” diýdi.

Kadyrow prezident Wladimir Putiniň Günbatar ýurtlarynyň ekstremistleri ulanyp, Russiýany gowşatmak isleýändikleri baradaky pikirlerini gaýtalap: “Bu ýörişiň üsti bilen biz musulmanlary ulanyp, bu ýurtdaky ýagdaýlary sarsdyryp bolmajakdygyny bütin dünýä jar etmek isleýäris” diýdi.

Kadyrow: “Biz elmydama Russiýanyň ynamdar goragçylary bolduk” diýip belledi. Ol ýörişe gelenlere ýüzlenip, “Charlie Hebdo” neşiriniň Muhammet Pygamberiň karikaturalaryny çap etmek hukugyny goldaýan her bir adamy özüniň “şahsy duşmany” hökmünde kabul etjekdigini mälim etdi.

Demonstrasiýa gelenleriň ellerinde “Biz öz Pygamberimizi söýýäris” diýip, çeçen, rus we iňlis dillerinde ýazylan şygarlar bardy.

Aglaba prawoslaw hristianlardan ybarat Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz sebitinde köp sanly musulmanlar ýaşaýarlar.

Kremliň we Kadyrowyň tankytçylary ýurduň häkimiýetleriniň, talyplary we döwlet işgärlerini protest ýörişlerine çekip, ýurduň resmi syýasatyny goldaýan protestleri geçirýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG