Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Haýpyň gelmek-de gadagan


Karikatura.
Karikatura.

Özümde ýogy alýaryn

Ýazyjylaryň lX gurultaýynda (1986 ý.) Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň başlyklygyna Gurbandurdy Gurbansähedow, onuň orunbasarlygyna Hojanepes Meläýew saýlandy. Gurbandurdy aga wezipäň gadyryny bilýän, ony goraýan adamdy. Hojanepes-de şöhraty söýerdi.

Ýöne meýlissöýerligi, jalataýlygy-da bardy. Bu ýagdaý Gurbandurdy aga ýokuş degýärdi. Orunbasary biabraýçylygyň üstünden barsa, öz ýüzüniň-de sypalmajagyny bilýärdi. Ol aýlawly gürrüňler bilen Hojanepesi akyla çagyrýardy. Bir gezek “Hojanepes, ýol üstünde bir halta akyl, bir halta-da pul ýatan bolsa, haýsysyny aljak?” diýip sorapdyr. Hojanepes “Pully haltany” diýipdir. Gurbandurdy aga:

-Oglan, akmak bolma, akyly al! Akylyň bolsa, pul-da gazanarsyň -diýýär. Meýlise howlukýan Hojanepes:

-Gurban Sähedowiç, her kim özünde ýok zady alýar. Men pully haltany almaga gidýän. Akylly haltany ellemen, size nesip etsin -diýip, gapa tarap haýdapdyr.

Gadaganlyk

Şahyr Ýylgaý Durdyýewiň ikinji gezek öýlenenini obadaşy, edebiýat tankytçysy Saýlaw Myradow giç eşidýär. Günlerde bir gün köçede sataşanlarynda “Ýoldaş Durdyýew, öýlenipsiň diýip eşitdim, gutlaýan” diýýär. Ýylgaý “Näme bilen gutlaýaň? Öýe gijä galyp barmak gadagan. Deň-duş bilen meýlis gurmak gadagan. Her gün agşam iş stoluň başyna geçip, üç-dört sagat işlemeseň, ýatmak gadagan” diýip, zaryn zeýrenipdir. Bu gürrüňe keýpi bozulan Saýlaw:

-Ýoldaş Durdyýew, saňa haýpym gelýär -diýip, duýgydaşlyk bildiripdir. Ýylgaý:

-Maňa haýpyň gelmegem gadagan. Aýalym “Özüni oňarmaýan lellimlere adamlaryň haýpy gelýändir. Özüňi merdem alyp bar” diýýär -diýip, zarynlap, aglaýjak-aglaýjak bolupdyr.

Eneňi nädip tapaýyn

1983-nji ýylyň güýzünde Belorusiýada Bütinsoýuz poeziýa festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistandan halk ýazyjysy, şahyr Annaberdi Agabaýew ikimiz gatnaşdyk. Belorusyň Ýazyjylar birleşigi festiwalyň ikinji güni, agşamara Minskiň etegindäki tokaýda, açyk asmanyň astynda meýlis-banket gurnady. Annaberdi ýeňles gelinleri, ogryn hylwat (zyna) işini ýek ýigrenýärdi. Amatyny tapyp, Nowosibirskiý şäherinden gelen şahyr gelini Annaberdiniň üstüne “küşgürdim”.

Ol Annaberdä gysmyljyrap “Howa sowuk, üşeýän” diýdi. Annaberdi “Hawa, howa çigrek. Menem üşeýän, elimden geljek zat ýok” diýip, biraz aňra süýşdi. Meniň geçen sapagymy kemsiz bişiren (özleşdiren) gelin eýle-beýle bahana bilen Annaberdini sypdyrmaly däldi. Ol “Sudar, Ser, kiçijek gyzjagaz wagtym üşänimde garry enem meni bagryna basýardy. Şonda üşemezdim” diýip, oňa has-da gysmyljyrady. Annaberdi:

-Biz häzir Minskiň eteginde otyrys. Seň dogduk şäheriň Nowosibirskide oturan bolsagam, gijäniň bir wagty eneňi nädip tapaýyn? -diýip, onuň ýanyndan gazap bilen turup gaýtdy.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG