Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harkow hüjüminde 14 adam ýaralandy


Gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistler bilen ukrain hökümet güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklaryň netijesinde harabaçylyga öwrülen keselhananyň öňünde duran ruhany. 19-njy ýanwar, 2015 ý.
Gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistler bilen ukrain hökümet güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklaryň netijesinde harabaçylyga öwrülen keselhananyň öňünde duran ruhany. 19-njy ýanwar, 2015 ý.

Gündogar Ukrainadaky Harkow şäher sudunyň golaýynda bolan partlamada 14 adam ýaralandy, olaryň dört sanysynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy habar berilýär.

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (SBU) maslahatçysy Markiýan Lubkiwskiý (Markiyan Lubkivsky) özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda 19-njy ýanwardaky partlamanyň “terrorçylyk hereketi” diýlip häsiýetlendirilýändigini ýazdy.

Harkow gündogar Ukrainadaky uly şäherleriň biri bolup, ol orsparaz separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň bolýan territoriýasy - Donetsk we Luhansk regionlarynyň 250 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýär.

Soňky hepdeleriň dowamynda Ukrainanyň dürli künjeginde, şol sanda Harkiw, Odesa, Mariupol we Kiýew şäherlerinde kiçi göwrümli onlarça bomba partlamasy boldy.

XS
SM
MD
LG