Sepleriň elýeterliligi

HWF: Ykdysady ösüş peselýär


Halkara Walýuta fondy (HWF) 2015-nji ýyl boýunça garaşylýan halkara ykdysady ösüş bardaky çaklamalaryny peseltdi. Munuň netijesinde fond ykdysady ösüşe goldaw bermek üçin hökümetleri we merkezi banklary syýasatlary we reformalary goldamaga çagyrdy.

20-nji ýanwarda “Bütindünýä ykdysadyýetiniň maglumaty” ady bilen ýaýradylan raportda Halkara Walýuta fondy halkara ösüş derejesiniň 2015-nji ýylda 3,5% we 2016-njy ýylda 3,7%-e deň bolmagyna garaşylýandygyny çaklaýar. Bu sanlar fonduň gürrüňi gidýän iki ýyl boýunça garaşylýan öz çaklamalaryny 0,3% peseldendigini aňladýar.

Raportda ykdysadyýeti ösüp barýan ýurtlaryň hem garaşylýan ykdysady ösüş baradaky çaklamalary peseldildi. Birleşen Ştatlar Halkara Walýuta fondy tarapyndan garaşylýan ykdysady ösüş baradaky çaklamalary ýokarlandyrylan ýeke täk iri ykdysadyýetli ýurt bolup, onuň 2015-nji ýyl boýunça ösüş derejesiniň 3,1%-den 3,6%-e ýokarlanmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG