Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: 1 müň çemesi adam ýörişe çykdy


Gyrgyzystanda 1 müň çemesi adam Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy demonstrasiýa geçirdi.

Gyrgyzystanda 1 müň çemesi adam Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy demonstrasiýa geçirdi.

Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen protestde 1 müň çemesi adam Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy demonstrasiýa geçirdi. Olar Fransiýanyň Charlie Hebdo satiriki žurnalynda çap edilen ýaly karikaturalar “dine ynanýanlaryň duýgularyny kemsidýär” diýdiler.

20-nji ýanwarda gyrgyz paýtagty Bişkegiň “Gorky seýilgähinde” geçirilen protest ýörişi resmi taýdan “Men Charlie däl, men pygamberimi söýýärin” diýip atlandyryldy.

Demonstrantlaryň arasynda gyrgyz kanunçykaryjylary we oppozision syýasatçylar, şeýle-de Gyrgyzystanda ýaşaýan dagystanly, çeçenistanly, gazagystanly we tajigistanly azlyklaryň wekilleri hem bardy.

Olaryň ellerinde “Men Muhammet pygamberimizi söýýärin” diýen şygarlar bardy.

Bu protest ýörişi Russiýanyň Çeçenistan respublikasynda onlarça müň adam Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy döwlet tarapyndan maliýeleşdirilen protest ýörişine çykmagyndan bir gün soň boldy.

XS
SM
MD
LG