Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: HGHK aladalanma bildirýär


Halkara Gyzyl Haç komiteti (HGHK) soňky iki hepdäniň dowamynda gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistler bilen hökümet güýçleriň arasyndaky ýowuzlyklaryň “ýaýbaňlanandygyny” aýdyp, ýiti aladalanma bildirdi.

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň 20-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda Donetskde we onuň töwereginde bolýan çaknyşyklarda parahat ilatdan ýaşaýjylar öldürilýär we ol toparyň ynsanperwer işini ýerine ýetirmeginiň “öňüni alýar” diýilýär.

Şeýle-de, Gyzyl haç guramasy Donetsk we Luhansk regionlarynyň käbir sebitlerinde “kömek pullarynyň töleginiň gija goýulmagy we gyşyň agyr howa şertleri” ýagdaýlary “has-da ýaramazlaşdyrýar” diýýär.

Komitet öz işgärleriniň agzalan iki regionyň ýaşaýjylaryna we göçürilen adamlara azyk, senagat önümlerini, lukmançylyk serişdelerini we gurluşyk materiallaryny paýlaýandygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG