Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: ABŞ dünýä agalyk etmek isleýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ dünýä agalyk etmek isleýär diýdi.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ dünýä agalyk etmek isleýär diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 21-nji ýanwarda Birleşen Ştatlar dünýä agalyk etmek isleýär diýdi we «Günbataryň Orsýeti izolýasiýa etmek synanyşyklarynyň» başa barmajagyny duýdurdy.

Moskwada, Berlinde gündogar Ukraindaky konflikt barada planlaşdyrylan gepleşikleriň öňüsyrasynda guralan ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş edip, Lawrow Orsýetiň Ukrainanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny, söweşleri togtatmak üçin elde baryny etjegini hem aýtdy. Ýöne ol günäni Kiýewiň we Günbataryň üstüne ýükledi.

Prezident Wladimr Putiniň soňky aýlarda ýakyndan synlanan forumlarda aýdan sözleri bilen bir hörpden gopan Lawrow Moskwada däp bolan çäräni Birleşen Ştatlary «agressiw», şol bir wagtda dünýä howpsuzlygyna wehim salýan läheň hökmünde häsiýetlendirmek üçin ulandy.

Ol Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň öten agşamky ýyllyk ýüzlenmesinde aýdan sözleri «amerikanlaryň ýene «Biz nomer birinji» we dünýä muny boýun almaly» diýmek isleýändigini görkezdi diýdi.

Lawrow "bu häzirki zaman çemeleşmesi däl, ol gaýra çekilmeli bolar” diýdi we, Birleşen Ştatlaryň «Yslam döwleti» toparyndan abanýan global howpa özbaşyna çäre tapyp bilmän, «ýaranlyklary we bileleşikleri» düzýändigine salgylanyp, bu «çemeleşme eýýäm üýtgeýär» diýdi.

Lawrow Ýewropa täsir etjek bolmak «amerikanlaryň ganynda bar zat» diýdi we «olaryň genetiki gelip çykyşyny üýtgetmek gaty kyn» diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ol Obama öz sözlän sözünde Günbataryň Orsýeti izolýasiýa etmegi baradaky çagyryşyny gaýtalady, emma bu tagallalar netije bermez diýdi.

Prezident Obama 20-nji ýanwarda eden çykyşynda Birleşen Ştatlar «öz ýaranlary bilen berk we jebis dur, Orsýet bolsa izolýasiýada we onuň ykdysadyýeti çagşaýar» diýdi.

Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we beýleki döwletler, şol sanda Kanada, Ýaponiýa, Awstraliýa, geçen martda Moskwanyň Krymy Ukrainadan anneksiýa edenligi we gündogar Ukrainanyň böleklerine kontrolluk edýän orsýetçi separtistlere goldawy üçin, Orsýete garşy sanksiýa girizdi.

Lawrow Orsýet täze Sowuk uruş islemeýär diýdi we Birleşen Ştatlary hyzmatdaşlyga dolanmaga çagyrdy. Emma ol bilelikde işleşmek tagallalarynyň Günbataryň Orsýete edýän «bir taraply basyşlary» zerarly bökdelýändiginden şikaýat etdi.

Ol "NATO Orsýet bilen gapma-garşylyk ýodasyny saýlap aldy» diýdi.

Orsýet gündogar Ukrainadaky konflikte gatnaşygyny inkär edýär. Bu konflikt netijesinde aprelden bäri 4700-den gowrak adam öldürildi we NATO bilen Kiýew Moskwanyň harby galtaşygy barada ýalana çykaryp bolmajak delilleriň bardygyny aýdýar.

Ukraina 20-nji ýanwarda hökümet goşunlarynyň gündogar Ukrainada regulýar rus goşunlarynyň hüjümine sezewar bolandygyny aýtdy.

Lawrow Moskwa rus goşunlarynyň we ýaraglarynyň gündogar Ukraina girişi barada hiç bir subutnama görkezilmändigini aýtdy hem-de Günbatar döwletlerini, halkara kadalaryny bozup, Ukrainany ýarag bilen üpjün etmekde aýyplady.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG