Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HRW: Owganystanda metbugat azatlygy howp astynda


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasynyň logotipi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasynyň logotipi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasy Owganystanyň hökümeti we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan owgan žurnalistlerine garşy amala aşyrylýan ýowuzlyklaryň we haýbatlaryň gerimi artýar diýýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň 21-nji ýanwarda ýaýradan täze raportynda berilýän maglumata görä, şuňa meňzeş hüjümler 2001-nji ýyldan bäri Owganystanda metbugat azatlygy dogrusynda gazanylanlara howp salýar.

48 sahypalyk raportda žurnalistlere garşy edilýän azar bermeler, gorkuzmalar, hüjümler dogrusyndaky maglumatlar dokumentleşdirilip, onda owgan hökümetiniň bu wakalaryň jogapkärlerini derňemekde we olara garşy iş gozgamakda şowsuz bolýandygy bellenilýär.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama Kabuly žurnalistlere garşy edilýän ýowuzlyklaryň we gorkuzmalaryň soňuna ýetmäge çagyrdy. Şeýle-de, gurama “Talyban” hereketi raýat gurmalaryna, şol sanda metbugat serişdelerine garşy edýän hüjümlerini bes etmelidir diýýär.

XS
SM
MD
LG