Sepleriň elýeterliligi

Kabul: 23 “Talyban” söweşijisi öldürildi


Owganystanyň Goranmak ministrligi hökümet güýçleriniň geçiren üç operasiýasynda 23 sany “Talyban” söweşijisiniň öldürilendigini habar berýär.

Ministrligiň 21-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda söweşijileriň soňky 24 sagadyň dowamynda Gandahar, Gunduz, Kapisa welaýatlarynda öldürilendigi bellenilýär.

Şeýle-de, beýanatda soňky 24 sagadyň dowamynda geçirilen operasiýalar döwründe Owgan milli armiýasynyň iki esgeri öldürildi diýilýär.

Bu beýanat Owganystanyň Goranmak ministrligi ýurduň gündogaryndaky Kunar welaýatynda bir aý dowam eden operasiýalaryň gutarandygyny mälim edeninden bir gün soň ýaýradyldy.

Ministrligiň maglumatyna görä, Kunar welaýatynda geçirilen operasiýalarda 261 söweşiji öldürildi, başga-da 147 sanysy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG