Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: ABŞ bütindünýä agalyk etmek isleýär


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň eden çykyşy Birleşen Ştatlaryň dünýäde “agalyk etmek” isleýändigini görkezdi diýýär.

21-nji ýanwarda geçiren ýyllyk metbugat ýygnagynda Lawrow Obamanyň çykyşynda öňe sürlen esasy pikir bu “biz birinjidiris we beýlekiler muňa göz ýetirmelidir” diýlen düşünje Birleşen Ştatlaryň “pelsepesini” şöhlelendirdi diýdi.

Lawrowyň bu çykyşynda soňky, hususanda geçen ýylyň dowamynda rus resmileri, şol sanda Lawrowyň özi we prezident Wladimir Putin tarapyndan öňe sürlen pikirler gaýtalandy. Rus resmileriniň bu pikirleri öňe süren mahaly, Ukrainadaky krizis we konflikt sebäpli Russiýanyň Waşington we Günbatar bilen gatnaşyklary ýaramazlaşan döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG