Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Dört adama aýyplama bildirildi


Fransiýa dört adamy şu aýyň başynda Parižde bäş adamy öldüren yslamçy söweşijilere kömek etmekde aýyplady.

Parižiň prokurory Fransua Molinsiň (Francois Molins) 21-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, 22-28 ýaş aralygyndaky adamlara garşy terrorçy bilen hyzmatdaşlyk etmek dogrusyndaky başlangyç aýyplamalar ýöňkeldi.

Olar Amedi Koulibala (Amedy Coulibaly) maddy-tehniki goldawy bermekde aýyplanýarlar. Koulibali 8-nji ýanwarda Parižde atylyp öldürilen polisiýa ofiserini we 9-njy ýanwarda Pariždäki ýewreýleriň halal bazarynda zamun alnan dört adamy öldürmekde güman edilýän esasy şübhelidir.

Molins Koulibali bilen hyzmatdaşlyk eden bolmagy mümkin adamlary, şol sanda Fransiýanyň daşyndaky şübhelileri gözlemek ugrunda derňewleriň dowam edýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG