Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan: Alty aýlyk çaga jaýlandy


Ermenistan geçen hepdeki gyrgynçylykda pyçaklanan alty aýlyk oglany jaýlady. Şol gyrgynçylygy amala aşyrmakda rus esgeri aýyplanýar.

21-nji ýanwarda hristian ruhanylary Serýoža Awetisian üçin dini aýdymlary aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde ýüzlerçe adam onuň Gýumri şäherindäki mazaryna gysym-gysym gum guýdular.

12-nji ýanwarda Awestisianyň maşgalasynyň alty agzasy Gýumri şäherindäki rus harby bazasynyň golaýyndaky öýünde öli tapyldy. Ençeme ýerinden pyçaklanan çaga 19-njy ýanwarda aradan çykdy.

Resmiler rus armiýasynyň esgeri Waleriý Permýakowyň rus resmileri tarapyndan 13-nji ýanwarda ermeni-türk serhedinde tutulandygyny we onuň gyrgynçylygy boýun alandygyny aýdýarlar.

Bu hüjüm Ýerewanda we Gýumri şäherinde gahar-gazaply protestleriň geçirilmegine sebäp boldy. Proteste gatnaşan müňlerçe ermenistanly Permýakowyň sud edilmegi üçin ermeni tussaghanasyna geçirilmegini talap etdiler.

20-nji ýanwarda Russiýa Permýakowyň rus harby sudy tarapyndan Ermenistanda sud ediljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG