Sepleriň elýeterliligi

Palestinaly 12 ysraýyllyny pyçaklady


Ysraýylyň polisiýasy Tel Awiwdäki awtobusda sapar edýän palestinaly adamyň ysraýylly 12 adamy pyçaklap ýaralandygyny aýdýar.

21-nji ýanwarda bolan wakada ýaralananlaryň üçüsiniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy bellenilip, olaryň keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär.

Ysraýylly ýolagçylara hüjüm eden adamyň 23 ýaşyndadygy habar berlip, onuň Günbatar kenardaky Tulkarem şäherinden Ysraýylyň territoriýasyna bikanun geçendigi nygtalýar. Ol Ysraýylyň howpsuzlyk ofiseri tarapyndan aýagyndan atylyp, wakanyň bolan ýerine golaý sebitde tussag edildi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu) bu wakada Palestinanyň resmilerini aýyplady.

XS
SM
MD
LG