Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Onlarça adam protest geçirdi


Owganystanyň paýtagty Kabulda 100 çemesi adam Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynda Muhammet pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy protest bildirip demonstrasiýa geçirdi.

22-nji ýanwarda protestçiler ellerinde gyzyl ýürek çekilip, pygamberiň ady ýazylan plakatlary göterdiler we Fransiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda ýöriş geçirdiler.

Demonstrantlar owgan hökümetine ilçihananyň ýapylmagy we fransuz ilçisiniň ýurtdan çykarylmagy üçin çagyryş etdiler.

7-nji ýanwarda yslamçy söweşijileriň “Charlie Hebdo” žurnalynyň Pariždaky binasyna hüjüm etmegi netijesinde 12 adam öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG