Sepleriň elýeterliligi

Ukrain güýçleri Donetsk aeroportuny terk etdiler


Ukrain harbylarynyň metbugat sözçüsi hökümet güýçleriniň Donetsk aeroportundaky terminalyň binalaryndan yza çekilendigini habar berýär. Ukrain hökümet güýçleri gürrüňi gidýän bu sebitiň kontrollugyna gözegçilik etmek üçin orsparaz separatistlerine garşy ençeme aý bäri göreşip gelýärdiler.

Bu aralykda, 22-nji ýanwarda metbugat serişdeleriniň beren maglumatyna görä, orsparaz separatistleriň kontrollugyndaky Donetsk şäheriniň jemgyýetçilik transport duralgasynda bolan partlamada azyndan alty adam öldürildi.

Bu partlamanyň nämäniň netijesinde bolandygy barada henize çenli maglumat berilmeýär. Emma käbir metbugat habarlarynda minomýotuň ýa-da artilleriýa okunyň uçurylmagy netijesinde trolleýbusyň partladylandygy habar berilýär.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň 22-nji ýanwarda ýaýradan maglumatynda Donetsk aeroportunyň käbir bölekleriniň kontrollugynyň hökümet güýçleriniň gözegçiliginde saklanyp galandygy we çaknyşyklaryň heniz hem dowam edýändigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG