Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London: 20 ýurduň resmileri duşuşýar


“Yslam döwleti” atly yslamçy toparyň söweşijilerine garşy göreşýän Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa girýän 20-den gowrak ýurduň ýokary derejeli resmileri Londonda duşuşýarlar. Resmiler bu duşuşygyň dowamynda ekstremist topara garşy göreşmek tagallalaryny maslahat edýärler.

22-nji ýanwarda bir gün dowam etjek konferensiýa Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri we Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond tarapyndan guramalaşydyrylyp, oňa Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi hem gatnaşýar.

Resmiler “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň maliýeleşdirilmeginiň we oňa daşary ýurtly söweşijileriň goşulmagynyň öňüni almagy maslahat edýärler.

Şeýle-de, olar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy öz sebitinde göreş alyp barýan ýerilileri has köp harby ýardam we ynsanperwer kömegi bilen üpjün etmek meselelerine hem seredýärler.

XS
SM
MD
LG