Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin: Anti-yslamçy lider işden çekildi


Germaniýanyň “Pegida” atly anti-yslamçy hereketiniň lideri Adolf Gitlere meňzäp düşen suratyndan we onuň bosgunlary “nejisler” diýip atlandyrandygy barada çykan maglumatlardan soň wezipesinden çekildi.

41 ýaşly Luts Bahmanyň (Lutz Bachmann) murtyny we saçyny Gitleriňkä meňzedip düşen suraty 21-nji ýanwarda Germaniýanyň “Bild” atly iň köp satyn alynýan gündelik neşiriniň baş sahypasynda peýda boldy.

“Bild” we Germaniýanyň beýleki bir neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Bahman Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda çap eden maglumatynda bosgunlary “haýwanlar” we “nejisler” diýip atlandyrypdyr.

“Pegida” atly anti-yslamçy hereketiň döredijileriniň biri Katrin Ertel (Kathrin Oertel) Bahmanyň wezipeden çekilmeginiň Gitlere meňzäp düşen suraty bilen däl-de, onuň bosgunlar barada eden gürrüňleri bilen baglanyşyklydygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG