Sepleriň elýeterliligi

Goşunlar Donetsk aerportyndan çekildi


Donetsk, trolleýbusda bolan partlamada azyndan alty, belki-de 13 çemesi adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Donetsk, trolleýbusda bolan partlamada azyndan alty, belki-de 13 çemesi adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Ukrain harbylarynyň sözçüsi hökümet güýçleriniň Donetsk aeroportunda orsýetçi güýçlere aýlap garşylyk görkezen pozisiýalaryndan yza çekilendiklerini aýdýar.

Şu aralykda metbugat pitneçileriň elindäki Donetsk şäherinde 22-nji ýanwarda jemgyýetçilik transportunda bolan partlamada azyndan alty, belki-de 13 çemesi adamyň öldürilendigini habar berýär.

Bu partlamanyň sebäbi bada-bat belli bolmady, emma käbir habarlarda minemýot ýa-da top okunyň trolleýbusa gelip degendigi aýdyldy.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 22-nji ýanwarda Donetsk aeroportunyň günorta böleginiň hökümet güýçleriniň kontrollugynda galandygyny we ol ýerde söweşleriň dowam edýändigini aýtdy.

Ministrlik 21-nji ýanwar güni giçlik terminalyň binasyndaky harabalykdan 20 sany ukrain esgeriniň çekilendigini, sebäbi olaryň pozisiýalarynyň weýran edilendigini we olary göni okuň aşagynda goýýandygyny aýtdy.

Beýanatda soňky 24 sagadyň çäginde aýeroportda bolan söweş mahalynda azyndan alty sany hökümet esgeriniň öldürilendigi aýdylýar. Ýene dört esger bolsa gündogar Ukrainanyň beýleki ýerlerinde barýan söweşlerde öldürilipdir.

Şeýle-de beýanatda hökümet esgerleriniň 16 sanysynyň ýaralanyp, Donetskiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän aeroportda pitneçiler tarapyndan ýesir alnandygy aýdylýar.

Ukrainanyň harby sözçüsi Wladislaw Seleznew terminalyň binalaryndan çekilmek kararyna 21-nji ýanwar güni giçlik gelnendigini, sebäbi ol ýerde arkasynda durup, okdan gizlenere zadyň galmandygyny aýtdy.

ÝHHG Donetsk tarapda, separatist söweşijiler tarapyndan kontrollukda saklanýan ýerdäki duralgada trolleýbusda bolan partlamanyň sebäplerini derňeýär.

«Roýter» habar gullugynyň kameraçysy özüniň bu duralgada ýerde we ulagyň içinde ýatan alty jesedi görendigini aýtdy.

Ol bu partlamanyň golaýdaky dükanlaryň äpişgelerindäki aýnalary hem kül-pagyş edendigini gürrüň berdi.

Şäher adminstrasiýasy biraz soň ýedi adamyň wepat bolandygyny aýtdy. Emma separatistleriň we saglyk işgärleriniň aýdýan zatlaryna ynansaň, ölenleriň sany 13-e ýetýär.

Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen separatistleriň arasynda aprel aýyndan bäri dowam edýän konfliktde 4800-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Soňky darkaş bu konflikti soňlamaga çalyşýan diplomatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny has-da güýçlendirdi.

Bu söweş Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Berlinde bolan duşuşykdan soň, pitneçileriň we hökümet güýçleriniň arasynda agyr ýaraglary sentýabrda Minsk şertnamasynda kesgitlenen araçäk liniýasyndan 15 km yza çekmeli diýen ylalaşyga gelindi diýeninden birnäçe sagat soň boldy.

Steinmeier Ukrainanyň, Orsýetiň we ÝHHG-nyň «aragatnaşyk toparynyň» wekilleriniň ýakyn günlerde duşuşyp, ýaraglary yza çekmegiň detallaryny we wagtyny kesgitlejekdiklerini aýtdy.

Ol bu ylalaşygyň progres, ýagny öňegidişlik bolandygyny, emma Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlygy Sowuk uruş döwründen bäri görülmedik derejä düşüren konflikti soňlamakda uly bir böwsüş bolmandygyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG