Sepleriň elýeterliligi

"Hudaý näme üçin bu zatlaryň öňüni alanok?”


Adamlar Rim papasy Francisiň geçirjek köpçülikleýin ybadatyna gatnaşýarlar.

Adamlar Rim papasy Francisiň geçirjek köpçülikleýin ybadatyna gatnaşýarlar.

Rim papasy Francis Maniladaky uniwersitetleriň birinde 12 ýaşly bir gyz özüne şeýle sowal berende, diýseň ynjalykdan gaçypdyr.

Garyp-gasarlaryň hemaýatkäri diňe ada eýe bolan papa öz maşgalasy tarapyndan ýeke taşlanan ol gyzjagaz ýaňky sowaly berende, ony gujaklapdyr we öz dyzynyň üstünde oturdypdyr.

Glyzelle Palomar atly ol gyzjagaz aglamjyrap, sojap, hüňürdäp: "Köpsanly çagalar neşe we jelepçilik bilen meşgullanýarlar. Näme üçin Hudaý bularyň bolmagyny bökdänok? Eýse, çagalaryň hiç hili günäsi ýok ahbetin!" diýipdir.

Rim papasy bu sowala birhili bolupdyr we özüni ýitiripdir. Ol sowalyň täsirinden gutulyp bilmän, öňünden taýýarlan çykyşynyň iňlis dilindäki tekstini bir gapdala goýup, gyzjagaza öz ene dili bolan ispan dilinde jogap beripdir.

Jogapsyz sowal

Papa Francis: "Ol [gyzjagaz] jogaby ýok sorag berenlerden, ynha, ýene biri. Aslynda bu sowal söz bilen däl-de, eýse gözýaş bilen beýan edilen sowaldyr" diýdi.

Öz çykyşynda adamlary kynçylyklara garşy çydamly bolmaga çagyryş eden papa Francis sözleriniň üstüni şeýle ýetirdi: "Men sizi öz-özüňize sowal bermäge çagyrýaryn. Men bir aç çaga görenimde, köçede ýaşaýan we neşekeş bolan, öýden kowlan, namysyna deglen, göýä jemgyýetiň guly ýaly işledilýän bir çagany görenimde, oňa ýüregim awap, bozulyp, [onuň halyna] gözýaş dökmegi başarýarynmy?”

Metbugatyň ýazmagyna görä, öz maşgalasy zyňandan soň, ol gyzjagazy bir buthananyň işgäri [öýsüzlere] hemaýat edilýän ýere äkidipdir.

Çagajyk şeýle sowaly papanyň ýolbaşçylygyndaky Filippin Katolik uniwersitetinde geçirilen duşuşykda beripdir.

Ondan soň Rim papasy Francis, Rizal Park diýen ýerde 3 million adamyň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin ybadata gatnaşypdyr.

Şonda adamlaryň parkyň gapylarynyň açylmagy üçin uzak gije tä daň atýança garaşyp durandyklary habar berilýär.

XS
SM
MD
LG