Sepleriň elýeterliligi

“AI” ukrain tussaglary barada aladalanma bildirdi


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Amnesty International” guramasy orsparaz separatistleriň ýesir alnan ukrain esgerlerini Donetsk şäherinden ýöriş edip geçirmegi dogrusynda aladalanma bildirdi.

22-nji ýanwarda separatist söweşijiler we olaryň lideri Aleksandr Zaharçenko ýesir alnan 10 esger bilen trolleýbus partlamasynyň bolan sebitine tarap ýöriş geçirdiler. Şol güni ir bilen bolan trolleýbus partlamasynda 13 adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Ýörişiň dowamynda tussag edilen ukrain esgerleri dyza çökmäge mejbur edilip, gahar-gazaply ýaşaýjylar bolup görünýän adamlar tarapyndan söz we fiziki gynamalara sezewar edildiler.

Bu barada ýaýradylan wideo ýazgyda tussag edilenleriň azyndan biriniň urlup-ýenjilýändigi görünýär.

“Amnesty International” guramasy bu baradaky maglumatlaryň we wideo ýazgylaryň “aladalanma döredýändigini” aýdýar.

XS
SM
MD
LG