Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şa Abdullah aradan çykdy


Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah.
Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah.

Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah nebit öndürýän musulman ýurduna 10 ýyl hökümdarlyk edensoň, 90 ýaşynda aradan çykdy.

Saud Arabystanynyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, Abdullah 23-nji ýanwarda Riad wagty bilen gije sagat 1-de aradan çykypdyr.

Abdullah öýken näsazlyklary sebäpli birnäçe hepde bäri keselhanada saklanylýardy. Ol 23-nji ýanwarda Riadda jaýlanýar.

Onuň deregine ene başga erkek dogany 79 ýaşyndaky şazada Salman geçýär. Ol Abdullahyň ýarawsyzlygy döwründe onuň jogapkärçiliklerini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG