Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain separatistleri Donetskde üstün çykarys diýýärler


Gündogar Ukrainanyň Donestk regionyndaky orsparaz separatistleriň lideri bu sebitdäki separatist güýçleriň tutuş welaýatyň kontrollugyny öz gözegçiligine geçirmäge synanyşjakdygyny we olaryň hökümet güýçleri bilen parahatçylyk gepleşiklerine başalamajakdygyny aýtdy.

Öz-özüni ykrar eden “Donetsk halk respublikasynyň” lideri Aleksandr Zaharçenkonyň eden bu çykyşy soňky birnäçe günüň dowamynda ukrain güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda bolan güýçli çaknyşyklardan soň, parahatçylyk perspektiwalaryna has-da kölege saldy.

“Biz Donetsk oblastynyň serhedine çenli aralaşarys” diýip, 23-nji ýanwarda Russiýanyň “Interfax” habar gullugy Zaharçenkonyň studentlere ýüzlenip eden çykyşyna salgylanyp belleýär.

Şeýle-de, Zaharçenko: “Biz ýaraşyk ugrunda gepleşikleri geçirmäge synanyşmarys” diýdi.

XS
SM
MD
LG