Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Almatyda Pakistanyň raýaty sud edilýär


Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda Pakistanyň raýaty adam gaçakçylygyny edýän topara ýolbaşçylyk etmekde aýyplanyp, sud edilýär.

23-nji ýanwarda Sarfazar Hussain Almaty etrap suduna çykarylyp, Pakistandan, Eýrandan, Hindistandan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan raýatlaryň ýurda “bikanun girmegi üçin migrasiýa ýollaryny” guramalaşdyrmakda aýyplandy.

Sud diňlenişiginiň dowamynda çykyş eden prokurorlar Hussaininiň Gazagystana daşary ýurtlulary getirýän jenaýatçylykly toparyň agzasydygyny aýtdylar.

Derňewçileriň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän topar 2007-nji ýyldan bäri daşary ýurtlularyň bikanun Gazagystanda galmagyna kömek edipdir.

XS
SM
MD
LG