Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ukrainada 5 müň adam öldi


Birleşen Milletler Guramasy gündogar Ukrainadaky konfliktler zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri azyndan 5 müň adamyň öldürilendigini aýdyp, hakyky sanlaryň mundan hem “ep-esli ýokary” bolmagynyň mümkindigini belleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça metbugat sözçüsi Rupert Kolwilleniň (Rupert Colville) berýän maglumatyna görä, bu san soňky dokuz günüň dowamynda öldürilen 262 adamy hem öz içine alýar. Bu döwür 5-nji sentýabrda ok atyşygy bes etmek barada orsparaz separatistler bilen Ukrainanyň arasynda ylalaşyk baglaşylany bäri bolan “iň ýowuz” döwürdir.

Kolwille 23-nji ýanwarda Ženewada geçiren metbugat brifinginde Ukrainada “harby hereketleriň ep-esli güýjemegi netijesinde ölenleriň sany 5 müň 86 adam boldy we biz hakyky sanlaryň mundan hem ýokary bolmagyndan alada edýäris” diýdi.

XS
SM
MD
LG