Sepleriň elýeterliligi

Diş bejertmek 'keýgiň şahyna' çykýar


​​​​2013-nji ýylda hususy diş lukmanlaryň kabinetleri lisenziýasyz işlemekde aýyplanyp, ýapyldy.

​​​​2013-nji ýylda hususy diş lukmanlaryň kabinetleri lisenziýasyz işlemekde aýyplanyp, ýapyldy.

Paýtagtdaky, binasy diş görnüşinde gurlan stomatologiýa merkezi 2013-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylanda, resmi media onuň ähli gerek bolan tehniki enjamalar we zerur medisina serişdeleri bilen doly üpjün edilendigini öwüp, ilata habar beripdi.

Bu merkezdäki stomatologik enjamlar Germaniýada öndürilen. Alty gatly merkeziň içki bezegi hem beýleki medisina öýlerinden göz-görtele tapawutlanýar. Merkeziň içine gireniňde hem munuň şeýledigine göz ýetirýärsiň.

Diş görnüşinde gurlan stomatologiýa merkezi

Diş görnüşinde gurlan stomatologiýa merkezi

Bu merkezde bir günde 400-500 adam medisina kömegini alyp bilýär. Emma bu merkeziň kabul ediş bölüminde hususy stomatologik kabinetlerindäki ýaly uly nobatlar bolmaýar.

Bu medisina obýekti ýurt boýunça diňe bir iň gowy tehniki üpjünçiligi bilen däl-de, eýse onuň hyzmatlarynyň gymmatlygy bilenem tanalýar. Hususy diş lukmanlarynyň hyzmatlary bilen deňäniňde, döwlete degişli bu saglyk öýüniň hyzmatlarynyň käbir görnüşleri has gymmat.

Mysal üçin, bir dişi sogurmak üçin 60-80 manat tölemeli. Hususy diş lukmanlary bolsa bir dişi 20-30 manada sogurýarlar. Bu edarada köwlen dişe plomba goýdurmagam o diýen arzan däl. Gelli plomba üçin 120 manat tölemeli. Hususy diş lukmanlarynda bolsa bu hyzmatyň nyrhy 80 manada durýar.

Elbetde, stomatologik merkeze medisina ätiýaçlandyryş kitapçasy bilen baran näsagyň tölegleri 50% arzanladylýar. Emma, muňa garamazdan, merkeziň hyzmatlarynyň köpüsi entegem ilat köpçüligine elýeter däl.

Bu merkezde diş protezini goýdurmak hem hususyýetçilere görä gymmat. Proteziň özi 1000 manada ýetýär. Ony goýmak üçin bejergi proseduralary üçin bolsa azyndan 600 manat tölemeli bolýandygyny bu merkeziň lukmanlarynyň biri gürrüň berýär. Hususy diş lukmanlarynda bolsa protez goýmak işi 800-900 manada durýar.

2013-nji ýylda hususy diş lukmanlaryň kabinetleri lisenziýasyz işlemekde aýyplanyp, ýapyldy. Olaryň käbirlerine, “bikanun işlemekde” aýyplanyp, jerime salnypdyr. Şol bir wagtda hem hususyýetçilere häzire çenli lisenziýa berilmeýär.

Hususy işleýän diş lukmanlarynyň käbiriniň garşysyna hatda jenaýat işleriniň gozgalandygy barada hem habarlar bar. Şol sebäpden häzirki wagtda hususy diş lukmanlary ýarym legal işlemeli bolýarlar. Olara lisenziýa berilmeýär.

Geçen ýyl bolsa daşary ýurtlardan stomatologik serişdelerini getirýän hususy söwdagärlerden ýörite dokument soralyp, olara şol serişdeleri ýurduň içine getirmegiň gadagan edildendigini diş lukmanlarynyň käbirleri gürrüň berýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG