Sepleriň elýeterliligi

Donetsk: Separatistler ileri süýşýär


Zaharçenko separatist güýçleriniň üç şähere tarap ilerleýändiklerini aýtdy.

Zaharçenko separatist güýçleriniň üç şähere tarap ilerleýändiklerini aýtdy.

Gündogar Ukrainanyň Donetsk regionyndaky orsýetçi separatistleriň lideri pitneçi güýçleriň tutuş welaýaty ele geçirmäge çalyşmakçydygyny we hökümet güýçleri bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamajagyny aýtdy.

Öz-özüni jar eden Donetsk halk respublikasynyň baştutany Aleksandr Zaharçenkonyň bu sözleri soňky günlerde ýygjamlaşan söweşlerden soňky parahatçylyk perspektiwalaryna has kän kölege saldy. BMG dokuz aýa çeken konfliktde 5 müňden gowrak adamyň wepat bolandygyny aýdýar.

Orsýetiň Intefaks habar gullugy Zaharçenkonyň 23-nji ýanwarda, pitneçileriň kontrollugyndaky welaýat paýtagtynda studentleriň öňüne çykyş edip, "Biz Donetsk oblastynyň aňry çäk serhetlerine çenli ileri süýşeris" diýendigini habar berýär.

Interfaks onuň «eger beýleki taraplardan wehim abanýandygyny görsek, biz ol wehimi hem ýok ederis" diýip, sözüniň üstüni ýetirendigini aýdýar.

"Biz tarapdan indi ýaraşyk barada gepleşik geçirmek synanyşygy edilmez» diýip, Zaharçenko aýtdy.

Kiýew we NATO Donetsk we Luhansk welaýatlarynyň belli bir böleklerini elde saklaýan separatistleriň Moskwadan göni harby ýardamy bar diýýär. Bu welaýatlar gündogarda Orsýet bilen serhetleşýär, emma Ukraina bu iki welaýatyň günbatar böleginiň köp ýerine kontrollyk edýär.

Zaharçenkonyň sözleri Günbataryň Moskwa mart aýynda öz goňşusynyň Krym sebitini anneksiýa edeninden soň, Ukraina hem kontrollugyny giňeltmekçi bolýar we separatistleri goldaýar diýen şübhesini has-da çuňlaşdyrar.

Sentýabrda Minsk şäherinde gelnen 12 punktly parahatçylyk plany atyşygyň bes edilmegine çagyrdy, ýöne bu şert günde diýen ýaly bozuldy. 21-nji ýanwarda Berlinde gelen ylalaşyga görä, taraplar, ýagny pitneçiler we hökümet agyr ýaraglary Minsk ylalaşygynda bellenen aralyk liniýadan 15 km yza çekmeklige razy boldular.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 21-nji ýanwarda separatistler Moskwany bellenen liniýadaky ýerlerden yza çekiljekdiklerine ynandyrdylar diýdi.

Zaherçenko Donetsk şäherinde bir trolleýbus urlup, onda 13 çemesi adam öldürilenden soň çykyp gürledi. Taraplaryň ikisi hem bu hüjümde biri-birini günäledi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça sözçüsi Rupert Colville Ženewada guralan metbugat brifiňinde çykyş edip, bu konfliktde soňky dokuz günde 262 adamyň öldürilendigini, munuň 5-nji sentýabrdaky ýaraşyk şertnamasyndan bäri iň ganly döwür bolandygyny aýtdy.

Colville 23-nji ýanwarda eden çykyşynda «duşmançylygyň ep-esli derejede güýçlenmegi ölen adamlaryň sanyny 5086-a ýetirdi we biz hakykatda wepat bolanlaryň has kän bolmagyndan howatyr edýäris» diýdi.

Pitneçi güýçler 22-nji ýanwarda ýesir alnan ukrain esgerlerini Donetsk şäheriniň içinde ýörişe çykaryp, olary trolleýbus hüjüminiň bolan ýerinde dyza çökerdiler we gaharly ýaşaýjylaryň fiziki we dil kemsitmelerine sezewar etdiler.

Zaharçenko 23-nji ýanwarda separatist güýçleriniň Donetsk regionynda azyndan üç şähere tarap ilerleýändiklerini, Luhansk regionyndaky güýçleriň hem öňe süýşýändiklerini aýtdy.

Kiýewdäki hökümet pitneçileriň hüjüme geçendiklerini aýdýar.

"Orsýetiň terrorçy toparlary ozal atyşygy bes etmek barada baglaşylan ylalaşyklaryň ählisini gödek bozdular ... we olar bu gün aktiw hüjüm operasiýalarynyň pikirini edýär" diýip, Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň başlygy Oleksandr Turçinow telewizorda görkezilen hökümet duşuşygynda aýtdy.

Orsýet, Kiýewiň we NATO-nyň ýalana çykaryp bolmajak subutnamalar bar diýmesine garamazdan, gündogar Ukrainanyň içine goşun iberendigini we pitneçileri kämil ýaraglar bilen üpjün edendigini ret edýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG