Sepleriň elýeterliligi

Demirýolçular sylaglandy, prezident alkyşlandy


Dabaranyň ahyrynda tapawutlanan demirýol işgärleriniň onlarçasyna döwlet sylaglary gowşuryldy, olara hormatly atlar dakyldy. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty.

Dabaranyň ahyrynda tapawutlanan demirýol işgärleriniň onlarçasyna döwlet sylaglary gowşuryldy, olara hormatly atlar dakyldy. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty.

Anna güni Aşgabatdaky «Ruhyýet» köşgünde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demirýolunyň gurluşygyna mynasyp goşant goşan demirýolçulary sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen metbugaty bu dabara hökümet başlygy G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler kabinetiniň agzalarynyň hem gatnaşandygyny habar berýär.

Prezident G.Berdimuhamedow sylaglamak dabarasynda çykyş edip, «2014-nji ýyl berkarar watanymyzyň ýyl ýazgysyna demirýol ulaglar pudagyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça örän iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýan ýyly hökmünde müdimilik girdi» diýdi.

Şeýle-de prezident geçen ýylyň dekabr aýynda Demirgazyk-Günorta demirýolunyň gurluşygynyň hem üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, kontinentleri birleşdirýän täze ýoluň iň uzyn bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýär.

Gapdal şahalary bilen bilelikde alnanda 824 km uzaýan polat ýoluň daşary ýurt kompaniýalaryny çekmezden, Türkmenistanyň öz güýji we serişdeleri bilen gurlandygy hem bellenip geçilýär.

Bu uly taslama ýedi ýylda amala aşyrylypdyr. Gazak sähralaryndan uç alyp, Garagum çölüniň içini kesip geçýän we Eýranyň demirgazygyndaky Daglyk Gülüstan welaýatyna çenli uzaýan ýoluň umumy uzynlygynyň 1 müň km-den gowrakdygy aýdylýar.

Ýewropanyň we Aziýanyň demirýol ulgamlaryny birleşdirendigi aýdylýan täze ýoluň demirýol ýüklerini, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleri gysga ugurdan daşamakda uly ykdysady bähbidiniň boljakdygy, geljekde bu ýol arkaly ýolagçylary gatnatmagyň hem göz öňünde tutulýandygy bellenilýär.

Ýagny, prezident Berdimuhamedowyň sylaglaýyş dabarasynda sözlän sözünde ýaňzytmagyna görä, gazyklanma bildirýän ýurtlar indi bu ýoluň Pars aýlagyna çykmak üçin döreden amatly şertlerinden peýdalanyp bilerler.

Dabaranyň ahyrynda zähmeti bilen tapawutlanan demirýol işgärleriniň onlarçasyna döwlet sylaglary gowşuryldy, olara hormatly atlar dakyldy (Cylaglanan demirýolçularyň atlary metbugatda çap edildi.).

Türkmen telewideniýesi sylaglanan demirýolçularyň birnäçesiniň minnetdarlyk sözlerini, prezidente aýdan alkyşlaryny ile ýetirdi.

Prezident Berdimuhamedow dabaranyň ahyrynda Demirýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň Gününi döretmek hakyndaky permana gol çekdi. Bu Gün indi her ýyl 3-nji dekabrda bellenilip geçiler.

XS
SM
MD
LG