Sepleriň elýeterliligi

Almatyda žurnalistler tussag edildi


Demonstrasiýa gelenleriň käbiri žurnaly goldaýan şygarlary öňlerine tutup durdylar..

Demonstrasiýa gelenleriň käbiri žurnaly goldaýan şygarlary öňlerine tutup durdylar..

Almatyda geçen aý gazak häkimiýetleri tarapyndan ýapylan gazak žurnalyna goldaw bildirmek üçin demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyran žurnalistler we aktiwistler 24-nji ýanwarda öýlerinden çykan batlaryna tussag edildiler.

"Adam Bol" žurnalynyň redaktory Gülžan Ergaliýewa 24-nji ýanwarda feýsbukda «polisiýa žurnalistleri öýlerinden çykan badyna, bir-biriniň yzyndan tussag edýär we olary «kanun bilen tanyşdyrmak üçin» golaýdaky polisiýa stansiýasyna alyp gidýär» diýip ýazdy.

Tutulanlaryň arasynda "Adam Bol" žurnalynyň baş redaktory Aýan Şaripbaýew, žurnalist Miras Nurmuhambetow dagynyň hem bardygy aýdylýar.

Ergaliýewa "Adam Bol" žurnalynyň ýapylmagy baradaky karara protest bildirip, indi altynjy gün açlykda otyr.

Ol polisiýa işgärleriniň žurnalyň ofisiniň daşynda, onuň açlyga başlaly bäri oturan ýerinde hem garaşandyklaryny aýtdy.

Ol «Olar maňa garaşýarlar» diýen habary çap edeninden soň kän wagt geçmänkä tussag edildi.

Raýat aktiwistleri Almatynyň Respublika skwerinde, ýerli wagt bilen sagat 12.00-da, «okyjylar bilen duşuşyk» atlandyrylan ýygnanyşygy geçirmegi planlaşdyrypdylar.

Blogçy Dina Baýdilbaýewa bu ýygnanyşyga 30 çemesi adamyň gelendigini, olaryň käbiriniň Ergaliýewany we žurnaly goldaýan şygarlary göterip gelendigini aýtdy.

Şäher prokuroturasy demonstrasiýaçylaryň kanuny bozýandyklaryny, emma mitingde hiç bir tutda-baslygyň bolmandygyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG