Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan aýyplanýany görkezdi


Ermenistanyň Derňew komiteti 12-nji ýanwarda bir maşgalanyň 7 agzasyny öldürmekde aýyplanýan rus esgeri bilen geçirilen soragyň wideoýazgysyny görkezdi.

Sesi peseldilen wideo 22-nji ýanwarda ermeni metbugatynda efire berildi. Onda esger Waleriý Permýakow we sorag edýän iki adam görkezilýär we soragyň ermeniçe teksti berilýär.

Derňew komiteti sorag edýänleriň ermenilerdigini we ol ýerde Permýakowyň aklawçsynyň hem bolandygyny aýtdy.

Permýakow ermeni-türk serhedinde, Gýumridäki rus harby bazasynyň golaýynda bir maşgalanyň alty agzasy atylyp öldürilenden bir gün soň tutuldy, alty aýlyk oglanjyk bolsa 19-njy ýanwarda özüne salnan pyçak ýarasyndan öldi.

Bu gyrgynçylyk Ýerewanda we Gýumride gaharly protestleri döretdi.

XS
SM
MD
LG