Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Litwinenkonyň ölümi Kremle direýär


Britaniýanyň "The Telegraph" gazetinde çap edilen habarda aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugy ozalky rus içalysy Aleksandr Litwinenkony öldürmekde güman edilýän esasy adamlaryň arasyndaky gürrüňleri tutup, onuň zäherlenmegini rus hökümeti bilen baglanyşdyrýar.

"The Telegraph" 24-nji ýanwarda MHG Londondaky we Moskwadaky esasy şahslaryň ozalky içaly merkezi Londonda radioaktiw materiallar bilen zäherlenen wagtyndaky elektron aragatnaşyklaryny ele saldy diýip ýazdy.

Habarda bu subutnamanyň britan häkimiýetlerine berlendigi, emma onuň sudda ulanylyp bilinmejekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG