Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestçiler Kabuly tankytlaýar


Owganystanyň jemgyýetçilik guramalarynyň onlarça aktiwisti Kabulda protest geçirip, özleriniň YD jeňçileriniň Owganystanda köpelýän täsiri diýýänlerine üns berilmegine çagyrdylar.

Protestçiler, olaryň köpüsi Owganystanyň etniki hazara azlygynyň şaýylary bolup, 23-nji ýanwarda prezident Ganiniň hökümetiniň «Yslam döwleti» toparynyň merkezi Gazni welaýatynda köpelýän täsirini görmezlige salmagyndan nägilelik bildirdiler.

Demonstrasiýaçylar Gaznide we beýleki welaýatlarda YD jeňçilerine garşy harby operasiýa geçirmek üçin howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdirilmegine çagyryş etdiler.

Owganystanyň hökümeti ýurtda YD jeňçileriniň bardygyny ret edýär we özlerini sünnileriň ýolbaşçylygyndaky ekstremist toparyň agzasy atlandyrýanlaryň hakykatda öňki talyban söweşijileridigini, olaryň owgan «Talybanynyň» ýolbaşçylary bilen oňuşman, özlerini YD-nyň agzasy hökmünde görkezýändiklerini aýdýar.

XS
SM
MD
LG