Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: 700 websaýt 'ekstremist'


Gazagystanyň Baş prokuraturasy 23-nji ýanwarda 2014-nji ýylda internete edilen syn netijesinde 700-den gowrak websaýtda ekstremit mazmunly materiallaryň çap edilendigi anyklandy diýdi.

Gazak prokuraturasynyň websaýtynda aýdylmagyna görä, resmileriň dini ekstremizme we terrorizme garşy alyp barýan tagallalarynyň çäginde 2014-nji ýylda bir müňden gowrak websaýt barlanypdyr.

Barlag netijesinde 703 websaýtyň ekstremist mazmunly materiallarynyň ýüze çykarylandygy we olaryň ýapylmagynyň buýrulandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG