Sepleriň elýeterliligi

Separatistler Mariupoly nyşana alýar


Günorta-gündogar Ukrainadaky resmiler hökümet elindäki port şäher Mariupoluň agyr ýaraglardan, ýagny Grad raketalary bilen oka tutulýandygyny aýdýarlar.

Mariupoluň şäher häkimliginiň edarasy günorta-gündogar etrabyň Moskwanyň goldawyndaky separatistleriň hüjümine sezewar bolandygyny we uzaga ýetýän raketalaryň azyndan 3 adamy öldürendigini aýtdy.

Mariupoly separatistlerden goraýan Azow meýletinçiler polky bu hüjüm netijesinde köp adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Şu aralykda biraz demirgazykda söweşýän separatsitler 24-nji ýanwarda Donetskiň daşyndaky obalary hökümet güýçlerinden alandyklaryny aýtdylar.

24-nji ýanwarda gündogar Ukrainanyň bir topar ýerinde agyr söweşleriň bolandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG