Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, ýaranlar YD-a zarba urdy


Birleşen Ştatlar we onuň koalision ýaranlary Yradaky we Siriýadaky YD nyşanalaryna 23-nji ýanwarda ýene bir tapgyr howa zarbasyny, ýagny 26 zarbany urandyklaryny aýdýarlar.

Bilelikdäki komandowaniýanyň 24-nji ýanwardaky beanýatynda Siriýa 13, Yraga 13 howa zarbasynyň urlandygy aýdyldy.

Siriýadaky zarbalaryň 12-si YD-nyň Kobaniniň golaýyndaky nyşanalaryna urlupdyr. Yrakda bolsa, 5 zarba Mosulyň ýanyna, ýene bäşisi Tel Afaryň golaýyna urlupdyr.

XS
SM
MD
LG