Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň çetinde partlama boldy


Owgan polisiýasy Kabulyň çetinde bir ýük maşynynyň partlandygyny aýtdy we ýurduň iş başyndaky içeri işler ministri bu hadysada azyndan iki adam ýaralandy diýdi.

Kabul polisiýasynyň jenaýat agtaryş bölüminiň başlygy Farid Abzeli 25-nji ýanwarda bu ýük maşynynyň Kabula girmekçi bolandygyny, emma polisiýanyň onuň şähere girmeginiň öňüni alandygyny aýtdy.

Farid ýük maşynynyň benzin guýulýan stansiýanyň ýanynda partlandygyny, emma özüniň pida bolanlar barada bilmeýändigini aýtdy. Iş başyndaky içeri işler ministri, general Mohammad Aýub Salangi öz twitter hasabynda partlamanyň Kabulyň harby aeroportynyň golaýynda bolandygyny we iki adamy ýaralandygyny ýazdy.

NATO bu partlamanyň irden 6-dan öň bolandygyny tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG