Sepleriň elýeterliligi

Grekler umumy saýlawlarda ses berýär


Grekler 25-nji ýanwarda umumy saýlawlara gatnaşyp, ses berýärler.

Bu ses berişligiň tygşytlylyk çärelerine garşy çykyş edýän Siriza partiýasyny häkimiýet başyna getirmegi we ýurdy özüniň halkara karzdarlary bilen gapma-garşylykly ýagdaýa salmagy mümkin.

Ýewro zonasynyň geljegi üçin diýseň uly ähmiýeti bolan ses berişlik ýerli wagt bilen 6-00-da başlandy.

Saýlawlarda Siriza partiýasynyň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi Gresiýa özüniň karz alan pullaryny yzyna bermegi başarmaz we ýewro zonasyndan çykar diýen aladalary döretdi.

Pikir soraýyşlar Aleksiz Tsiprasyň radikal çep ganat Siriza partiýasynyň premýer-ministr Antonis Samarasyň konserwatiw Täze Demokratik partiýasyndan dört dereje çemesi öňde barýandygyny görkezýär.

Tsipras Gresiýanyň 318 milliard ýewro bergisi ($357 milliard) barada täzeden gepleşmek isleýändigini aýdýar we saýlawçylara 23-nji ýanwarda eden soňky ýüzlenmesinde halkara halas ediş ylalaşygy bilen bagly tygşytlylyk çäreleriniň soňuna çykmak bilen, grekleriň «mertebesini» dikeltmegi wada berdi.

Ýewro krizisi başlaly bäri Gresiýanyň ykdysadyýeti dörtde bir kemelip, işsizligiň derejesi 25 prosent çemesi boldy.

Samaras tygşytlylyk çäreleri ýaňy netije berip başlan wagty Sirizany saýlamagyň howply bolup biljegini duýdurdy. «Siriza tutuş Ýewropany Gresiýa garşy goýar» diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG