Sepleriň elýeterliligi

Obama Hindistana sapar edýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Nýu-Delide uçardan düşüp, Hindistana üç günlük saparyna başlady.

Saparyň gün tertibi boýunça, Obama 25-nji ýanwarda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşyp, Mahatma Gandiniň ýadygärligine gül çemenini goýýar.

Şeýle-de Obama 26-njy ýanwarda Hindistanyň ýyllyk Respublika güni paradyna myhman bolar.

Hindistan bu parad bilen ýurduň demokratiki konstitusiýasynyň 1950-njy ýylda güýje giren gününi belleýär.

Obama Hindistana saparyny gysgaldyp, Saud Arabystanynyň täze patyşasy Salman bilen duşuşmaga gidýär.

XS
SM
MD
LG