Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Dartgynlykda azyndan 15 adam öldi


Hökümetiň tarapynda we garşysyna çykyş edýän protestçiler, Kair, 25-nji ýanwar, 2015.

Hökümetiň tarapynda we garşysyna çykyş edýän protestçiler, Kair, 25-nji ýanwar, 2015.

Müsürde 2011-nji ýylyň syýasy öwrülişikleriniň ýyl dönüminiň bellenen wagty dörän dartgynlylyk zerarly azyndan 15 adam heläk boldy. Döwlet habar beriş serişdeleriniň aýtmagyna görä, 25-nji ýanwarda polisiýanyň we protestçileriň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda dokuz parahat adam öldürilipdir.

Içeri işler ministrligi Kairiň demirgazygynda yslamçy protestçiler bilen çaknyşykda polisiýa ofiseriniň atylyp öldürilendigini we ençeme protestçiniň oka tutulandygyny habar berdi.

Kairiň merkezinde polisiýa öňki prezident Hosni Mubaragy häkimiýet başyndan agdaran rewolýusiýanyň merkezi bolan Tahrir meýdançasynda ýöriş geçirmäge synanyşan ýüzlerçe protestçini dargatdy. Şeýle-de yslamçy bolmakda güman edilýän iki adam bomba partlamasynda heläk boldy. Yslamçylar prezident Abdel-Fattah el-Sissiniň häkimiýetine garşy çykyş edýärler.

XS
SM
MD
LG