Sepleriň elýeterliligi

Krym: Tatar TW-si gabaldy


Harby geýimli we ýüzi nikaply ýaragly adamlar Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda krym tatarlarynyň dilinde gepleşik berýän ýeke-täk telekanalyň edarasynyň daşyny gabady.

ATR telekanalynyň žurnalistleri 26-njy ýanwarda ýüzi nikaply onlarça adamyň Krym ýarymadasynyň paýtagty Simferopolda telekanalyň edarasynyň daşyny gabandygyny habar berdiler.

Krym tatarlarynyň aktiwisti Eskender Bariýew telekanalyň edarasynda barlag geçirilendigini Facebook sosial ulgamy arkaly habar berdi.

ATR telekanalynyň habarçysy Şhewket Namatullaýewiň Facebookda ýazmagyna görä, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň we Derňew komitetiniň wekilleri telekanalyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlik geçiripdir.

Aktiwistler, jemgyýetçilik liderleri we adam hukuklaryny goraýjy toparlar Orsýetiň geçen ýylyň mart aýynda Krym ýarym adasyny Ukrainadan bikanun bölüp, öz düzümine goşmagyna garşy çykyş edýän krym tatarlarynyň kemsitmelere we basyşlara sezewar edilýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG