Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jalal-Abad: Dini ýaňsylama protest bildirildi


Jalal-Abad, 26-njy ýanwar, 2015.
Jalal-Abad, 26-njy ýanwar, 2015.

Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäherinde azyndan 2500 adam Muhammet pygamberi ýaňsylaýjy suratlaryň çap edilmegine garşy çykyş etdi. Protestçiler Fransiýanyň “Charlie Hebdo” žurnalynda çap bolan karikaturalar ýaly şekilleriň “dinçileriň ynanjyna zarba urýandygyny” aýtdylar.

26-njy ýanwarda Jalal-Abadda geçirilen çykyşlara şäheriň resmileri rugsat berdiler.

Demonstrantlaryň gyrgyz, arap, iňlis, ors we özbek dillerinde çap eden şygarlarynda “Biz karikaturalara garşy”, “Biziň pygamberimizden eliňi çek!”, “Men musulman we men partlamalara hem terrorçylyga garşy” diýilýär.

Şuňa meňzeş ýörişler ýakynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde we Oş şäherinde geçirildi. 5.5 million ilatly Gyrgyzystanda ilatyň 90% sünni musulmanlar.

XS
SM
MD
LG