Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Günbatara duýduryş edýär


Orsýetiň prezidentiniň metbugat-wekili Dmitry Peskow
Orsýetiň prezidentiniň metbugat-wekili Dmitry Peskow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Günbatara duýduryş bilen çykyş edip, Ukrainadaky konflikt bilen baglylykda Orsýete garşy indiki ykdysady basyşlaryň “iňňän zyýanly” bolup biljekdigini aýtdy.

Dmitry Peskowyň bu çykyşy ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Waşingtonyň Orsýetiň özüni alyp baryşyna täsir ýetirmek üçin harby hereketlerden başga ähli mümkinçiliklere seredýändigini aýtmagynyň yzýany 26-njy ýanwarda edildi. Moskwa tarapyndan goldanýan separatistler Ukrainanyň gündogarynda basyşlaryny güýçlendirler.

Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki RIA agentligi Peskowyň Orsýete ykdysady basyşlary güýçlendirmek barada edilen haýbatlar “iňňän zyýanly, düýpden esassyz we uzakdan görüjilikli däl” diýendigini habar berdi.

Peskow ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainanyň hökümetine basyşyny güýçlendirmelidigini aýtdy. Moskwa Kiýewi Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti güýçlendirmekde aýyplaýar. Bu ýerde aprel aýyndan bäri 5000-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG