Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gresiýada täze hökümet düzüldi


Gresiýanyň çepçi “Syriza” partiýasynyň lideri Aleksis Tsipras

Gresiýanyň çepçi “Syriza” partiýasynyň lideri Aleksis Tsipras

Gresiýanyň çepçi “Syriza” partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň beýleki sagçy populist partiýasy bilen bilelikdäki hökümeti düzmek barada ylalaşdy.

Gresiýanyň “Garaşsyz partiýasy” 26-njy ýanwarda “Syriza” partiýasynyň lideri Aleksis Tsiprasyň kandidaturasyny ýurduň nobatdaky premýer-ministri hökmünde goldajakdygyny mälim etdi.

40 ýaşly Tsipras, premýer-ministrlige kasam edip, 27-nji ýanwarda täze Ministrler kabinetiniň düzümini hödürlär.

Sesleriň 99.9%-niň sanalmagy netijesinde, “Syriza” sesleriň 36%-ni alyp, 300 orunlyk parlamentiň 149 ýerini eýeledi. Gresiýanyň “Garaşsyz partiýasy” bolsa 4% ses bilen parlamentde 13 orny almagy başardy.

Gürrüňi gidýän iki partiýa 2010-njy ýylda Gresiýany bankrotlykdan alyp galmak üçin alnan halkara karzlarynyň şertlerine garşy durmakdan beýleki az meselede özara ylalaşýarlar.

Gresiýadaky bu saýlawlaryň netijesinde dörän ýagdaý zerarly, 19 agzaly ýewrozonanyň taryhynda ilkinji gezek, oňa agza bir ýurt ÝB-niň girizen tygşytlama çärererine garşy çykýan partiýa tarapyndan dolandyrylar.

Karz

Gresiýa 2010-njy ýyldan bäri bankrotlyga düşmezlik üçin $270 milliard möçberindäki halkara karzlaryny aldy.

“Syriza” ÝB-niň we Halkara Walýuta Fondunyň Gresiýa beren karzynyň şerti hökmünde Afinynyň garşysyna girizen berk salgyt we çykdajylary çäklendirmek boýunça borçlarynyň ozal kabul edilen şertlerine gaýtadan garamak boýunça berk kampaniýa alyp barýar.

Tsipras ýewrozonanyň Gresiýa karz pul beren beýleki döwetlerine garşy bir taraplaýyn görnüşde hiç hili çäre görmejekdigine söz berdi.

Gresiýanyň öz karzlaryny tölemek meselesinde mundan beýläk her dürli başdansowma hereketlere baş goşmagynyň mümkinligi baradaky aladalar bu ýurdy ýewrozonanyň düzüminden çykmaga mejbur etmek baradaky howatyrlanmalary güýçlendirdi.

Ýewrotoparyň başlygy Jeroen Dijsselbloem 26-njy ýanwarda çykyş edip, Gresiýanyň ýewrozonanyň düzüminde galmagy Afinynyň mundan ozalky baglaşan şertnamalaryny berjaý edişine bagly boljakdygyny aýtdy.

Germaniýa bilen Britaniýa-da täze grek hökümetiniň Gresiýa halkara karzyny berenleriň öňünde ýurduň ozal öz üstüne alan borçlaryny berjaý etmegine garaşýandyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG