Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Polisiýa bäş adamy ele saldy


Fransiýanyň harbylary

Fransiýanyň harbylary

Fransiýanyň Lunel şäherinde yslamçy söweşijileriň öňüni almak boýunça çäreleriň çäginde ýörite polisiýa tarapyndan bäş adamyň tussag edilendigi habar berildi.

Polisiýadaky çeşmeler 27-nji ýanwarda tussag edilenlerden ikisiniň ýakynda Siriýadan gaýdyp gelendigini habar berdiler.

Lunel şäheriniň polisiýanyň üns merkezine düşmeginiň öňüsyrasynda media serişdeleri ýerli ýaş adamlaryň 20 çemesiniň Siriýa gidendigini habar beripdi. Olaryň 18 we 30 ýaş aralygyndaky altysy Siriýada wepat boldy.

Fransiýa we Ýewropanyň beýleki ýurtlary ýaragly söweşijileriň topary 7-nji we 9-njy ýanwar aralygynda “Charlie Hebdo” satiriki žurnala we halal azyk önümleriniň dükanyna hüjüm edip, 17 adamy, şeýle-de polisiýanyň bir zenan işgärini atyp öldürensoň yslamçy söweşijilere garşy göreşini güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG