Sepleriň elýeterliligi

ÝB Orsýete garşy täze sanksiýalara seredýär


Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Ukrainanyň gündogarynda söweşleriň güýçlenmegine degerli jogap bermek, şol sanda Orsýete garşy täze sanksiýalary girzmek meselesine seretmegi daşary işler ministrlerine tabşyrdylar. Daşary işler ministrleriniň duşuşygy 29-njy ýanwarda Brusselde geçiriler.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilelikdäki beýannamasynda “separatistlere Orsýet tarapyndan berilýän kömegiň dowam edýändigiň we güýçlenýändiginiň tassyklanmagyna ünsi çekdiler we agzalan kömegiň Orsýetiň jogapkärçiligini güýçlendirýändigini bellediler.

Şeýle-de beýannamada Orsýetiň separatistleriň hereketlerini ýazgarmalydygy aýdylýar we 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Minskde gelnen ylalaşygy berjaý etmäge çagyryş edilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainanyň harbylarynyň metbugat-wekiliniň 27-nji ýanwarda aýtmagyna görä, Ukrainanyň gündogarynda 24 sagadyň dowamynda hökümet güýçleriniň dokuz sany esgeri wepat bolupdyr we 29 harby ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG